Turkmenportal logo
08.07.2026
97779777
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Szinpin tebigy betbagtçylyklara garşy göreşi güýçlendirmegi tabşyrdy
Surat: tass.ru

HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýurduň sebitleriniň birgideninde tebigy betbagtçylyklara garş göreş çärelerini güýçlendirmek barada görkezme berdi. Bu barada Hytaýyň Merkezi teleýaýlymyna salgylanýan TASS ýazýar.

Hytaýyň lideri sil joşgunlarynyň öňüni almagyň hem-de ýaramaz netijelerini işjeň aradan aýyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Ol halas ediş işlerini geçirmek, ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek we ilaty howply etraplardan göçürmek boýunça işler üçin ýokary tagallalary etmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda Hytaýyň sebitleriniň köpüsinde çabga ýagýar, ol öz gezeginde sil joşgunlaryna, süýşgünlere hem beýleki  tebigy betbagtçylyklara getirýär. Düýn - hepdäniň sişenbe güni ýurduň Hençžou şäherinden sil joşmalar sebäpli 54 müňe golaý adamyň göçürilendigi, dört adamyň pida bolandygy we sekiz adamyň dereksiz ýitendigi habar berilýär.

Ýurduň merkezi bölegindäki Hubeý şäherinde bolsa, harasatlardyr güýçli ýeller sebäpli 11 adamyň gurban bolandygyny, 1 adamyň dereksiz ýitendigini ýurduň «Sinhua» agentligi habar berdi.