Turkmenportal logo
Düýn 18:12
49184918
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda bilelikdäki bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Bruk bilen duşuşyk geçirildi. Ilçiniň uniwersitete amala aşyran iş saparynyň çäginde guralan duşuşyga ýokary okuw mekdebiniň rektory we ýolbaşçy düzümi gatnaşdy.

Uniwersitetiň saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň esasy maksady iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmekden, häzirki zaman bilim tejribelerini paýlaşmakdan we geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Esasan-da, ynsanperwer ylymlary, halkara gatnaşyklary, diplomatiýa we dünýä ykdysadyýeti ýaly ugurlarda italýan ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäginde taraplar ýokary okuw mekdebinde italýan medeniýetini, taryhyny we dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany goldamak, okuw maksatnamalaryny baýlaşdyrmak barada hem pikir alyşdylar.