Turkmenportal logo
Şu gün 15:36
35093509
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belet» abunalyk tölegleriniň hereket edýän ulgamy barada ýatladýa

«Belet» striming ulgamy ulanyjylara 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan abunalyk töleglerini amala aşyrmagyň täzelenen bank ulgamynyň hereket edýändigini ýatladýar. Töleg mehanizmine üýtgeşmeleriň girizilendigine garamazdan, nyrhnamalaryň bahasy üýtgemedi we öňküligine galdy.

«Standart» nyrhnamasynyň bahasy ozalkysy ýaly 30 manat, «Premium» nyrhnamasynyňky bolsa 55 manat möçberindedir.

Hereket edýän ulgamyň aýratynlyklarynyň biri — ulanyjynyň balansynda galyndy serişdeleriň saklanyp galmagydyr. Abunalyk tölegi tölenende, hasaba geçirilen puluň möçberi saýlanan tarifiň bahasyndan ýokary bolsa, aratapawut ýitmeýär-de, akkaundyň balansyna awtomatiki usulda goşulýar we indiki tölegler amala aşyrylanda ulanylyp bilner.

Mysal üçin, «Standart» abunalygy tölenende 50 manat möçberinde pul geçirilse, balansdan 30 manat tutulyp alynýar, galan 20 manat bolsa ulanyjynyň hasabynda saklanýar.

Şeýle tertip «Premium» nyrhnamasyna hem degişlidir. Eger ulanyjy balansyny 100 manat möçberinde doldursa, abunalyk üçin 55 manat tutular, galan 45 manat bolsa balansda galar we indiki tölegler üçin elýeterli bolar.

«Belet» platformasynda belleýişleri ýaly, şeýle ulgam abunalyk töleglerini has-da oňaýly edýär we ulanyjylara nyrhnamanyň bahasyndan artykmaç geçirilen serişdeleriň ýitip gitjekdigi barada alada etmezlige mümkinçilik berýär.