Turkmenportal logo
Şu gün 04:00
25942594
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwletgeldi Myradow Pattaýada geçirilen Aziýa çempionatynda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda altyn medala mynasyp boldy

Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Döwletgeldi Myradow Tailandyň Pattaiýa şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy.

Ol 92 kilograma çenli agram derejesindäki final tutluşygynda gazagystanly pälwan Beýbarys Ýergalini 10:2 hasabynda ýeňip, çempion adyna eýe boldy.

Türkmenistanyň ýene bir wekili Alp Arslan Begenjow bolsa 86 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medaly gazandy. Ol final duşuşygynda eýranly Abolfazl Şamsipurdan 2:9 hasabynda ýeňildi.

Mundan ozal hem 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça pälwan Aslan Agadadaýewiň kümüş medal gazanandygy habar berlipdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýygyndysy 15 ýaşa çenli türgenleriň (kiçi ýaşly ýetginjekleriň) arasynda ýene iki medal gazandy. Grek-rim göreşi boýunça türkmen pälwany Mämmet Kulyýew 68 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe boldy. Erkin göreş boýunça çykyş eden Ybraýym Durdyýew bolsa 38 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.

Şeýlelikde, Pattaýada geçirilen ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy jemi bäş medal — bir altyn, üç kümüş we bir bürünç medal gazandy.