Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 1/16 final tapgyry tamamlandy we 1/8 finala çykan ähli ýygyndylar kesgitlenildi. Aşakda pleý-off tapgyrynyň Aşgabat wagty boýunça oýunlarynyň tertibi hödürlenýär.
1/16 finalyň soňky oýunlarynyň netijeleri:
Müsüriň ýygyndysy penaltiler tapgyrynda Awstraliýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Esasy wagt 1:1 hasabynda tamamlandy, 11 metrlik jerime urgularynda bolsa Müsüriň ýygyndysy 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.
Argentinanyň ýygyndysy goşmaça wagtda Kabo-Werdeniň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi.
Kolumbiýanyň ýygyndysy Gananyň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.
1/8 finalyň oýunlarynyň tertibi (Aşgabat wagty):
4-nji iýul, 22:00 — Kanada – Marokko;
5-nji iýul, 02:00 — Paragwaý – Fransiýa;
6-njy iýul, 01:00 — Braziliýa – Norwegiýa;
6-njy iýul, 05:00 — Meksika – Angliýa;
6-njy iýul, 23:55 — Portugaliýa – Ispaniýa;
7-nji iýul, 05:00 — ABŞ – Belgiýa;
7-nji iýul, 21:00 — Argentina – Müsür;
8-nji iýul, 01:00 — Şweýsariýa – Kolumbiýa.
Türkmenistanyň ýaşaýjylary dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryna Belet striming platformasynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanýar.