Turkmenportal logo
Şu gün 10:08
30583058
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Çaparçylyk» hyzmaty Aşgabatda müşderilere hyzmat etmek boýunça täze nokadyny açdy

«Türkmenpoçtanyň» «Çaparçylyk hyzmaty» gullugy Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin mümkinçiliklerini giňeltmegi dowam etdirýär — indi ýollamalary kabul etmek we gowşurmak hyzmatlaryndan peýdalanmak has-da amatly boldy. Täze hyzmat ediş nokady 5-nji poçta şahamçasynyň (744005) çäginde açyldy, bu ýerde müşderiler ugratmaly ýüklerini tiz wagtda resmileşdirip ýa-da öz salgylaryna gelen ýollamalary kabul edip bilerler.

Eltip bermegiň döwrebap görnüşi Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda barha uly islege eýe bolýar. «Türkmenpoçta» tarapyndan hödürlenýän çaparçylyk hyzmaty «gapydan gapa» görnüşinde amatly çözgüdi hödürleýär: indi poçta şahamçasyna barmaga we nobata durmaga wagt sarp etmek gerek däl — çapar görkezilen salga baryp, ýollamany alyp gaýdar we ony bütin Türkmenistanyň islendik nokadyndaky alyja ýetirer.

Müşderiler «Çaparçylyk hyzmatyny» amatlylygy, ygtybarlylygy hem-de hödürlenýän hyzmatlaryň giň gerimliligi üçin saýlaýarlar. Çaparlar ýörite taýýarlyk tapgyrlaryny geçýärler we önümleriň howpsuz hem-de öz wagtynda eltilmegini üpjün edip, her bir ýollama aýratyn üns bilen çemeleşýärler.

Çapary birnäçe usul arkaly çagyrmak mümkindir: kompaniýanyň resmi post.tm saýty, (+993 12) 92 14 95 telefon belgisi, şeýle hem Google Play we App Store platformalarynda elýeterli bolan ÇaparPay ykjam goşundysy arkaly sargyt edip bilersiňiz.

Ýollamalary kabul etmegiň we gowşurmagyň täze nokady 5-nji poçta şahamçasynyň çäginde, şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, 1-nji kiçi etrapça, Azady köçesi, 4-nji «A» jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 92 14 95.

«Çaparçylyk hyzmaty» müşderiler üçin ýollamalary ugratmagy we kabul etmegi has çalt, elýeterli hem-de oňaýly edip, döwrebap poçta hyzmatlaryny ösdürmegini dowam etdirýär.