Turkmenportal logo
Şu gün 08:54
24342434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nýu-Ýorkda adatdan daşary yssy howa sebäpli asfalt eräp başlady
Surat: ria.ru

Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde yssy howa sebäpli köçeleriň ýol düşegi eräp başlady diýip, «ria.ru» habar berdi.

Penşenbe güni şäherde howanyň derejesi 38 gradusa ýetdi. Ýerli häkimiýetler 44 gradus yssynyň hepdäniň şenbe gününe çenli saklanjakdygyny çaklaýarlar.

Görülmedik yssy sebäpli şäheriň käbir köçelerinde asfalt eräp başlady, oňa eliň bilen hem zeper ýetirip bolýar diýlip, habarda bellenýär.