Turkmenportal logo
Şu gün 01:01
63626362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

«Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi. 

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurtda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şu gezekki geçiriljek bäsleşik emeli aň, robototehnika, awtomotizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw smart-siti, akylly oba hojalyk tehnologiýalary we hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça geçiriler. Onuň netijesi «Türkmentel – 2026» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener. Bäsleşige gatnaşan taslamalary ýurtda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işlerde ulanmak we milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak boýunça depginli işler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.