Turkmenportal logo
03.07.2026
74057405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi. 

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak hem-de onuň garamagyndaky önümçilikleri zerur şertler bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge hem-de önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda nebitgaz toplumyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylar | Turkmenportal.com