Turkmenportal logo
03.07.2026
70477047
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykdy – HHR-iň ilçisi

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar iň ýokary derejedäki işjeň gatnaşyklaryň hem-de dürli ugurlarda gazanylan netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde täze derejä çykdy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 105 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärede žurnalistlere beren beýanatynda aýtdy.

Diplomatyň bellemegine görä, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan gününden bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk depginli ösdürilip gelinýär. 2012-nji ýyldan, ýagny «täze eýýamyň» başlanmagy bilen bolsa, bu ösüş has-da güýçli itergi aldy. Ilçi, aýratyn-da, energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösýändigini nygtady.

Szi Şumin şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyran saparyny ýatladyp, onuň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşik geçirendigini aýtdy. Gepleşikleriň netijesinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ilçiniň bellemegine görä, bu geljekde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Diplomatyň sözlerine görä, aprel aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary Din Sýuesýan jogap sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň esasy maksady ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekden ybarat boldy. Ilçiniň baha bermegine görä, bu sapar diňe bir energetika pudagynda däl, eýsem çig mal bilen baglanyşykly däl pudaklarda hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda hem möhüm netijeleri berdi.

«Gazanylan netijeleriň köpüsi taryhy ähmiýete eýedir. Hut şu saparyň dowamynda öň görlüp-eşidilmedik derejedäki hyzmatdaşlyk ýola goýuldy» — diýip, Szi Şumin belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Szi Şumin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we jemgyýetçilik wekillerine türkmen-hytaý gatnaşyklaryna yzygiderli goldaw berýändikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.