Turkmenportal logo
Şu gün 09:04
1088110881
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ÝOM-larynyň 3-si «THE Sustainability Impact Ratings 2026» sanawyna girizildi

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» («THE») agentligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) 17-sine goşýan goşandyny bahalandyrýan «THE Sustainability Impact Ratings 2026» dünýä reýtinginiň netijeleri yglan edildi. Bu ýyl sanawda ilkinji gezek üç sany türkmen ýokary okuw mekdebi orun aldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi

2026-njy ýylda bu reýting ilkinji gezek «THE Sustainability Impact Ratings» ady bilen neşir edildi. Ozal ol «THE Impact Rankings» ady bilen çap edilýärdi. Bu sanaw 2019-njy ýyldan bäri ýokary okuw mekdepleriniň durnukly ösüş ulgamyndaky işini bahalandyrýan iň abraýly halkara reýtingleriň biri hasaplanýar.

2026-njy ýylyň reýtingine dünýäniň 116 ýurdundan we sebitinden 1 646-a golaý ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Jemleýji reýtinge girmek üçin uniwersitetler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň azyndan dördüsi boýunça maglumat hödürlemeli bolup, olaryň arasynda DÖM 17 – «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk» hökmany görkeziji bolup durýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022-nji ýyldan bäri, ýagny yzly-yzyna bäşinji ýyl bu abraýly halkara reýtinge üstünlikli gatnaşyp, bilim, ylym, innowasiýa we halkara hyzmatdaşlygy ugurlarynda gazanan ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň taryhynda ilkinji gezek üç sany ýokary okuw mekdebi «THE Sustainability Impact Ratings» reýtinginiň sanawyna girizildi. Bu bolsa milli ýokary bilim ulgamynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň hem-de ýurtda durnukly ösüş ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr.