Turkmenportal logo
Şu gün 09:43
19681968
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sahna bezegi sungatyna bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde teatr sungatyna we sahna bezegi (ssenografiýa) sungatyna bagyşlanan grafika hem-de nakgaşçylyk eserleriniň sergisi açyldy.

Sahna bezegi diňe bir spektakl üçin taýýarlanylýan gurnama işleri däl-de, eýsem režissýoryň döredijilik çözgüdini, aktýoryň sahna keşbini we sahna oýnunyň çeperçilik taýdan bezelişini özünde jemleýän sungat ugrudyr.

Sergide teatr sahnalary, çeper filmler we multfilmler, pýesalar üçin taýýarlanan taslamalar bilen birlikde türkmen suratkeşleriniň nakgaşçylyk hem-de grafika eserleri köpçülige hödürlenildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Görogly», «Hasan han», Annadurdy Almämmedowyň «Ajaýyp tebigat», «Ene topragym», Haky Allaberdiýewiň «Mollanepes», «Magtym işan», «Hazynalar adasy», «Jadyly nagyş», Annageldi Kulyýewiň «Kemine we kazy» eserleri, şeýle hem «Magtymguly» we «Aýna» operalary üçin taýýarlan sahna bezegleri görkezilýär.