Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de ählumumy, sebit we ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarly bolup galýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde aýtdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ABŞ-a Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, şeýle hem ýurduň özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini yzygiderli goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda türkmen-amerikan gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Meredow şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygynyň bellenilýändigini ýatlatdy. Şeýle hem ol şu ýyllaryň dowamynda döredilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň netijeli häsiýete eýedigini, olaryň açyk, konstruktiw we mazmunly ýagdaýda geçýändigini belledi.
Ministr Türkmenistanyň we ABŞ-nyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, ABŞ tarapyna Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasyna hödürleýän başlangyçlaryny we kararnamalaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol 2015-nji ýylyň noýabrynda döredilen Merkezi Aziýa - ABŞ (C5+1) formatyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmäge hem-de sebit howpsuzlygy boýunça wezipeleri ýerine ýetirmäge ýardam berýändigini aýtdy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdanlarynda, Meredow John Deere, Case, Caterpillar, General Elektric, Boeing, Visa we Sikorskiy ýaly amerikan kompaniýalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy aýratyn belledi. Onuň sözlerine görä, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar geljekde hem depginli ösüş üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Ministr ABŞ-nyň ilçihanasynyň durmuşa geçirýän «Ilcini[ medeni mirasy gorap saklamak gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan durmuşa geçirilýän 16 bilim maksatnamasyna gatnaşýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, ylym, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy sütünleriniň biri bolmagynda galýar.
Şeýle-de Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Ruda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirip, Aşgabadyň ABŞ bilen gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini saklamagy we olary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.