Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýylsaýyn has-da berkidilýär. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen dabaraly kabul edişlikdäki çykyşynda nygtady.
«Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik edýändigime buýsanýaryn. Bu ýurduň hökümeti we halky bilen umumy gymmatlyklarymyzy ilerletmek hem-de ýurtlarymyzyň gülläp ösmegine ýardam bermek ugrunda işleşmek meniň üçin uly hormatdyr» — diýip, Elizabet Rud ilçihananyň işgärlerine alyp barýan zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ilçiniň bellemegine görä, soňky bir ýylyň dowamynda amerikan-türkmen hyzmatdaşlygy depginli ösüşini dowam etdirdi. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmak üçin Waşingtona amala aşyran saparyny, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Florida ştatyna bolan saparyny aýratyn nygtady. Mundan başga-da, onuň sözlerine görä, şu ýylyň dowamynda Türkmenistana Trampyň administrasiýasynyň köp sanly ýokary wezipeli wekilleri sapar bilen geldiler.
«Bu saparlar, şeýle hem alyş-çalyş maksatnamalary, hyzmatdaşlyk taslamalary we geçen ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň barha berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr» — diýip, ilçi belledi.
Elizabet Rud taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, bilim we medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle hem sebit we ählumumy derejede howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň çözgüdini bilelikde gözlemek ugrunda iş alyp barýandyklaryny aýtdy.