2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Baýkonur kosmodromynda baýdaklary galdyrmak dabarasy geçirildi. Bu dabara «Soýuz MS-29» ulag dolandyrylýan gämisiniň uçurylmagyna ekipažlary taýýarlamagyň jemleýji tapgyrynyň resmi taýdan başlanandygyny alamatlandyrdy. «Kosmonawt» myhmanhanasynyň binasynyň öňündäki 17-nji meýdançada ýerleşýän baýdak sütünlerine uçuşa gatnaşýan ýurtlar bolan Russiýanyň, ABŞ-nyň we Gazagystanyň baýdaklary galdyryldy.
HKS-de amala aşyryljak 75-nji dowamly ekspedisiýanyň meýilleşdirilen başlangyjyna çenli iki hepde wagt galdy. Ol 2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda başlanar. Kosmonawtlaryň şu günleri her bir minutyna çenli hasaply. Olar bilen jemleýji türgenleşikler, lukmançylyk barlaglary we tejribeler geçirilýär. Ekipažlar amaly taýýarlykdan başga-da, dabaraly çärelere hem gatnaşýarlar.
Çärä Baýkonuryň we «Energiýa» raketa-kosmos korporasiýasynyň ýolbaşçylary, şäher häkimliginiň wekilleri hem-de Kosmonawtlary taýýarlaýan merkeziň hünärmenleri gatnaşdy Olaryň öňünde Kosmonawtlary taýýarlaýan merkeziň (KTM) başlygy, RF-niň uçarman-kosmonawty Oleg Kononenko çykyş etdi. Ol uçuşyň öňýanyndaky taýýarlyk ýaly örän jogapkärli işde topara agzybir we utgaşykly zähmet çekmegi arzuw etdi.

Ýatlap geçsek, HKS-75-iň esasy ekipažynyň düzümine «Roskosmosyň» kosmonawtlary Pýotr Dubrow, Anna Kikina we NASA-nyň astronawty Anil Menon girýärler. Olaryň ätiýaçlyk düzümi bolsa «Roskosmosyň» kosmonawtlary Dmitriý Petelin, Konstantin Borisow we NASA-nyň astronawty Deniz Bernhemdir.
Baýdaklary galdyrmak dabarasyndan soň, ätiýaçlyk ekipaž taryhy kosmosy özleşdirmäge gatnaşan beýik şahsyýetleriň atlary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Baýkonur boýunça ekskursiýa ugrady. Kosmonawtlar raketa-kosmos ulgamlarynyň meşhur konstruktory S.P. Korolýowyň ýadygärligine gül goýdular, kosmodromyň taryhy muzeýine baryp gördüler we onuň ekspozisiýasynda özleriniň ýadygärlik ýazgylaryny galdyrdylar.
HKS-75 ekipažlarynyň uçuşyň öňýanyndaky taýýarlygyna Kosmonawtlary taýýarlaýan merkeziň başlygy, Türkmenistanyň Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde doglan Oleg Kononenkonyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmegi uly mana eýedir. Kosmosda bolmagynyň umumy dowamlylygy boýunça dünýä rekorodyny goýan meşhur kosmonawt «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada mynasyp boldy we ýurduň iň ýokary sylagy – «Prezident Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglandy. Ol köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga öz şahsy goşandyny goşup gelýär.