Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş hytaýly Sýaoszýun Greýs Wany BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny wezipesine belledi. BMG-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, täze utgaşdyryjy 1-nji iýulda öz wezipesine başlady.
Wan bu wezipede 2021-nji ýyldan bäri BMG-niň ýurtda wekilçiligine ýolbaşçylyk edip gelen Dmitriý Şlapaçenkonyň ornuny tutdy.
Wanyň halkara ösüş ulgamynda 28 ýyllyk iş tejribesi bar. Ol durnukly ösüş, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, ösüşi maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny guramak babatda ýolbaşçy wezipelerde işledi.
Onuň iň soňky işan ýeri BMG-niň Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça müdiriýetinde maksatlaýyn gaznanyň direktory wezipesi boldy. Bu ýerde ol BMG-niň ulgamyndaky maksatlaýyn gaznalaryň işine gözegçilik etdi we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin serişdeleri çekmek bilen meşgul boldy. Mundan öň ol şol düzümiň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji hem-de direktoryň orunbasary wezipelerinde hem işläpdi.
BMG-ä gelmezinden ozal, Wan media pudagynda, şeýle hem Aziýa we Ýewropa ýurtlaryndaky gaznalarda we ylmy guramalarda işledi.