Turkmenportal logo
Şu gün 10:31
17961796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mbappeniň iki goly Fransiýanyň ýygyndysynyň Şwesiýany ýeňmegine we DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykmagyna ýardam etdi

Fransiýanyň futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Şwesiýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde geçirildi.

Ýeňiji toparyň düzüminde Kilian Mbappe iki gezek tapawutlandy (45-nji we 74-nji minutlarda). Üçünji pökgini 53-nji minutda Bredli Barkolýa geçirdi.

Şeýlelikde, Mbappeniň dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sany 18-e ýetdi. Bu görkeziji boýunça ol dünýä çempionatlarynyň taryhynda ikinji orny eýeleýär. Ondan öňde diňe Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi bar, onuň hasabynda 19 gol bar. Häzirki dünýä çempionatynda bolsa fransiýaly we argentinaly futbolçylar hersi 6 gol geçirip, ýaryşyň iň netijeli hüjümçileriniň sanawynda birinji orny paýlaşýarlar.

Fransiýanyň ýygyndysy 1/8 finalda Paragwaýyň ýygyndysy bilen duşuşar. Paragwaýlylar pleý-off tapgyrynyň birinji duşuşygynda esasy we goşmaça wagtda 1:1 hasabyndaky deňlikden soň, Germaniýanyň ýygyndysyny penaltiler tapgyrynda 4:3 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra çykdy. Bu duşuşyk 5-nji iýulda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde geçiriler.