Turkmenportal logo
30.06.2026
90599059
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda medeni dialogy ösdürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy N.Berger bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň iki ýurduň arasynda medeni dialogy, özara düşünişmegi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem Wena balyny geçirmek ýaly bilelikdäki medeni başlangyçlaryň Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm orny bellenildi.