Turkmenportal logo
29.06.2026
1099010990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilham Aliýew: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlap, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna, üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Bu barada TDH ýazýar.

«Iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn» diýlip, gutlagda bellenilýär.

Ilham Aliýew öz gutlagynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýeten ýokary derejesiniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn hyzmatlaryňyz esasynda mümkin bolandygyny nygtaýar. Azerbaýjanyň döwlet Baştutany geçen ýylyň oktýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitiniň çäklerinde özara ynanyşmak, düşünişmek we hoşniýetlilik ruhunda geçen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýar.

Şeýle-de Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Azerbaýjan Respublikasyna sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjit hem-de sowgat berlen ajaýyp ahalteke bedewi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.

Gutlagyň ahyrynda Prezident Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan asylly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýär.