Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew 26-njy iýunda Wengriýanyň Balatonlelle şäherinde tamamlanan 5th Rigo Janos Memorial GM-B atly halkara küşt ýaryşynda ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.
Dokuz tapgyrdan ybarat aýlaw ulgamy boýunça geçirilen ýaryşyň jemleri boýunça FIDE reýtingi 2415 bolan Meýlis Annaberdiýew mümkin bolan 9 utugyň 6-syny toplap, birinji orny eýeledi. Ýaryşa Wengriýadan, Belarusdan, Gresiýadan, Hindistandan we Polşadan gelen jemi 10 küştçi — halkara ussatlary we grossmeýsterler gatnaşdy. Ikinji orny 5,5 utuk bilen wengriýaly halkara ussady Agoşton Ýuhas eýeledi. Şol bir netijäni görkezen beýleki wengriýaly küştçi Bendeguz Bodrogi goşmaça görkezijiler boýunça üçünji orunda ýerleşdi.
Ýaryşyň netijesinde türkmen grossmeýsteri FIDE reýtingini 12,1 utuk artdyrdy. Bu görkeziji ýaryşyň öňdebaryjy küştçileriniň arasynda iň ýokary netije boldy.
Bu ýaryş FIDE-niň halkara senenamasyna girizilip, 2022-nji ýyldan bäri meşhur wengriýaly küşt guramaçysy, halkara ussady we emin Ýanoş Rigonyň (1948–2020) hatyrasyna geçirilýär.
Meýlis Annaberdiýew Türkmenistanyň küşt taryhynyň iň güýçli türgenleriniň biri hasaplanýar. Ol 2022-nji ýylda halkara grossmeýster adyna mynasyp boldy. Onuň FIDE reýtinginiň iň ýokary derejesi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda 2537 utuga ýetdi. Meýlis Annaberdiýew tanymal küşt maşgalasynda kemala geldi. Onuň ilkinji we ýeke-täk tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolan uly dogany Serdar Annaberdiýewdir.
Türkmen küştçüsiniň iň möhüm üstünlikleriniň hatarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda toparlaýyn rapid görnüşinde gazanan bürünç medaly, 45-nji Küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde «B» derejesinde gazanylan toparlaýyn altyn medal, şeýle hem iri halkara açyk ýaryşlarda gazanan üstünlikleri bar. Ol 2025-nji ýylda geçirilen Mersin International Open ýaryşynda çempion boldy, şol ýylyň Cappadocia Open ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy, 2022-nji ýylda bolsa Başkent University Open ýaryşynda ikinji orny eýeledi.