Turkmenportal logo
Şu gün 13:13
11421142
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 19–22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre çagalar senagaty ulgamynda işleýän işewür toparlaryň, bilim edaralarynyň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Sergi çagalar we maşgalalar üçin niýetlenen önümleri, hyzmatlary hem-de taslamalary tanyşdyrmak, bazaryň häzirki ösüş ugurlaryny we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.

Serginiň 8 müň inedördül metr meýdany eýelemegine, 10 müňden gowrak myhmany hem-de Türkmenistandan we daşary ýurtlardan 100-den gowrak gatnaşyjyny we pudak hünärmenlerini kabul etmegine garaşylýar.

Serginiň esasy ugurlaryna täze doglan çagalar üçin harytlar, bilim we okatmak, innowasion tehnologiýalar, ekologiýa taýdan arassa önümler, dynç alyş we döredijilik, çagalar modasy, saglyk we sport, kitaplar hem-de edebiýat girýär.

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde bilim edaralarynyň, işewür toparlaryň, döwlet düzümleriniň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar, gepleşikler hem-de tanyşdyrylyş dabaralary geçiriler.

Sergi-ýarmarkanyň guramaçylary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Expo» kompaniýasydyr.

Çagalaryň ösüşi, bilimi, döredijiligi hem-de çagalar başlangyçlaryny goldamak ugurlarynda işleýän kompaniýalar, bilim edaralary, halkara we ýerli jemgyýetçilik guramalary sergä gatnaşmaga çagyrylýar.

Sergä gatnaşmak we hasaba durmak barada giňişleýin maglumat kids.turkmenexpo.com saýtynda ýerleşdirilendir.

Habarlaşmak üçin:

contact@turkmenexpo.com

kids.turkmenexpo.com

Telefonlar: +993 71 87 18 12, +993 63 50 15 51.