Turkmenportal logo
Şu gün 10:56
30853085
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň Prezidentini ýurduň Döwlet güni mynasybetli gutlady
Surat: ru.vijesti.me

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs-Musara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.