Turkmenportal logo
Şu gün 10:25
31913191
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistanda geçirilen «Arkalaşygyň çagalary» forumyna gatnaşdy

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan guralan «Arkalaşygyň çagalary» atly XI medeni-aň-bilim forumy 15-nji iýundan başlap Täjigistanda geçirildi. Foruma Arkalaşyga agza bolan dokuz döwletiň wekiliýetleri gatnaşdy.

Türkmenistana bu forumda Aşgabat şäherinden we ýurduň welaýatlaryndan gelen 14–17 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary wekilçilik etdi. Wekiliýete Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň direktory Sapargül Toýlyýewa hem-de Aşgabat şäherindäki 146-njy orta mekdebiň direktorynyň orunbasary Muhammet Inermyradow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň gününe bagyşlanan çäräniň çäklerinde gatnaşyjylar giň gerimli medeni maksatnamany hödürlediler. Olar öz ýurtlary barada gürrüň berdiler, gatnaşyjy döwletleriň dillerinde goşgulary okadylar, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy, syýahatçylyk mümkinçilikleri, ykdysadyýeti we nebitgaz pudagy barada tanyşdyrylyş çykyşlaryny etdiler. Milli medeniýete aýratyn üns berlip, türkmen halkynyň baýramçylyklary, milli lybaslary, milli tagamlary, halyçylyk sungaty, ahalteke bedewleri we alabaý itleri barada giňişleýin maglumat berildi. Çykyşlar milli «Küştdepdi» tansynyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.

Forumyň dowamynda türkmen okuwçylary Täjigistanyň Parlamentine baryp gördüler. Ol ýerde olary bu ýurduň Mejlisiniň başlygy Faýzali Saýidzoda garşy aldy. Şeýle hem olar «Istiklol» binagärlik toplumy, «Kohi Nawruz» köşgi we Täjigistanyň Milli muzeýi bilen tanyşdylar.

Forumyň maksatnamasyna olimpiýa çempionlary bilen duşuşyklar, halk artistleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary, täjik halkynyň milli senetleri bilen tanyşlyk, intellektual olimpiada hem-de Gündogaryň ylmy mirasyna bagyşlanan inženerçilik meýdançasynda geçirilýän amaly çäreler girizildi.