Turkmenportal logo
Şu gün 08:55
14051405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda çagalar üçin «Zümerret şäheri» sahna oýnunyň premýerasy boldy

Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry sahnasynda Çagalar teatrynyň özboluşly toparynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Zümerret şäheri» atly spektaklyň premýerasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

1939-njy ýylda ýazyjy we terjimeçi Aleksandr Wolkow amerikan ýazyjysy Laýmen Frenk Baum tarapyndan ýazylan «Oz ýurdunyň täsin jadygöýi» atly ertekisini esas edip, özüniň «Zümerret şäheriniň jadygöýi» atly eserini döredipdir.

Toparyň ýolbaşçysy we spektakly sahnalaşdyran režissýor Tatýana Öwezmyradowa bu eseri sahna çykarmakdan ozal ýaş aktýorlara iki eseri hem okap tanyşmagy we olaryň birini saýlap almagy teklip edipdir.

Çagalaryň «Zümerret şäheriniň jadygöýi» pýesasyny saýlamagy meni örän begendirdi -  diýip, Tatýana Gennadýewna belleýär. — Sebäbi ertekiniň gahrymanlary Gudwinden maddy baýlyk däl-de, akyl, ýürek we gaýduwsyzlyk sorapdyrlar. Ertekide iki sany ýagşy we iki sany erbet jadygöý bar. Bu durmuşdaky ýaly — durmuş diňe gowy pursatlardan däl-de, eýsem kynçylyklardan hem ybarat. Elli we onuň dostlarynyň başdan geçirýän wakalary adamlara kynçylyklardan gorkmazlygy, meseleleri özbaşdak çözmegi öwredýär.

Spektaklda özboluşly toparyň ähli agzalary — jemi 35 çaga çykyş etdi. Premýera tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Spektaklyň üstünlikli bolmagyna ikinji režissýor Aýna Jumaýewa, horeograf Tatýana Udowiçenko hem-de saz bezegçisi Sona Öwezmyradowa uly goşant goşdy.

Çeşmäniň bellemegine görä, spektakl 29-njy iýunda başga aktýorlar düzüminde A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda ýene-de görkeziler.