Turkmenportal logo
Şu gün 11:47
24722472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu: Türkmen jemgyýetinde ýoganyň meşhurlygy yzygiderli artýar

21-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň ýanyndaky Ýoga we däp bolan lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga güni bellenildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, şol gün sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýüzlerçe tarapdary köpçülikleýin ýoga maşklaryna gatnaşdy.

Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu türkmen jemgyýetinde ýoganyň meşhurlygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny nygtady.

«Ýoga adamlary birleşdirýär. Ol diňe bir sagdyn we uzak ömür sürmäge däl, eýsem töweregimizde parahatçylygy berkitmäge hem ýardam edýär. Pursatdan peýdalanyp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny Ýoga we däp bolan lukmançylyk merkezinde her gün geçirilýän mugt türgenleşiklere çagyrýaryn» — diýip, diplomat belledi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A. Öwezow ýoganyň adamlaryň ruhy ýagdaýyny gowulandyrmakda, şeýle hem az hereketlilik ýa-da nädogry durmuş ýörelgesi bilen bagly keselleriň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.