Türkmen aktýory Çary Berdiýew Ýoşkar-Ola şäherinde ilkinji gezek geçirilen Mari halkara etniki kinofestiwalynda iň gowy erkek keşbi üçin baş baýraga eýe boldy.
Halkara eminler topary oňa Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini çuňňur hem-de täsirli ýerine ýetirendigi üçin ýokary baha berdi. Aktýor bu baýraga türkmen-özbek bilelikdäki dolymetražly çeper film bolan «Magtymguly Pyragy» kinosyndaky keşbi arkaly mynasyp boldy — diýip, Halkara maglumat merkezi (HMM) habar berýär.
Festiwalda jemi 6 dolymetražly we 14 gysgametražly film görkezildi. Dolymetražly filmleriň bäsleşik maksatnamasyna Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň howandarlygynda geçirilýän ilkinji Açyk Ýewraziýa kino baýragy — «Göwher kebelek» taslamasyna gatnaşýan kino döredijileriň işleri hem hödürlendi — diýip, çeşme belleýär.