Azerbaýjanda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Zagulba» köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen- azerbaýjan gepleşikleri geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistan» açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Duşuşykda syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, durnukly ösüş meselelerinde dialogy giňeltmek, durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynda, hususan-da, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda birek-biregiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda gazanylan netijelere kanagatlanma bildirip, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda tagallalary işjeňleşdirmegiň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işini ilerletmegiň zerurdygyny aýtdy. Şular bilen birlikde, Türkmenistanyň döwlet Baştutany ulag, energetika, oba we suw hojalygy, medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem teklipleri beýan etdi.
Giňişleýin düzümdäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleri tamamlanandan soňra, wideoaragatnaşyk arkaly «Dostluk» nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaradan soň ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.