12–14-nji iýunda Bern şäherinde geçirilen «Togolak arheologik toplumynda geçirilen soňky gazuw-agtaryş işleriniň netijeleriniň nukdaýnazaryndan Beýik Horasan siwilizasiýasy» atly halkara maslahatyna Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata Türkmenistanyň çäginde ýerleşen gadymy Margiana siwilizasiýasyny öwrenýän Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Şweýsariýanyň tanymal alymlary gatnaşdylar.
Türkmen tarapyna Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirligiň ýolbaşçysy Muhammetdurdy Mämmedow hem-de «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Annamyrat Orazow wekilçilik etdiler.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, alymlar täze ylmy maglumatlaryň esasynda gadymy Margiananyň gelip çykyşy barada pikir alyşdylar.