Turkmenportal logo
Şu gün 09:51
45064506
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda gymmat bahaly metallardan taýýarlanan şaý-sepleriň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat – Magtymguly Pyragynyň kalbynyň nury» atly amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, serginiň guramaçysy Halkara zergärler assosiasiýasynyň (IJAA) prezidenti Artýom Balýandyr.

Bu assosiasiýa şu ýylyň aprel aýynda zergärçilik pudagynda hünär maglumatlaryny ýaýratmak, tejribe alyşmak hem-de şaý-sepleriň ülňüleriniň alternatiw howpsuzlyk barlag ulgamyny döretmek maksady bilen döredildi. Sergi IJAA-nyň ilkinji köpçülikleýin çäreleriniň biri boldy.

Ekspozisiýada dürli görnüşli zynjyrlar, ýüzükler, gulakhalkalar, bilezikler, ysyrgalar, gülýakalar hem-de şaý-sep toplumlary görkezilýär. Ak, gyzyl we limon reňkli altyndan taýýarlanan bu önümler dürli ýyllarda Ermenistanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň zergärçilik kärhanalarynda ýasalypdyr.

Serginiň aýratyn bölüminde Mary şäherindäki «Lagly Merjen» zergärçilik kärhanasynda taýýarlanan şaý-sepler ýerleşdirilipdir.

Artem Balýan özüniň «Gije we gündiz» atly heýkel-zergärçilik kompozisiýasyny hem sergä hödürledi. Bu eser ekspozisiýanyň merkezi ornuny eýeleýär.

Sergi türkmen suratkeşleriniň, aýratyn-da zergärleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem Artem Balýan «Zergärçilik sungaty. Giňden we çuňdan pikirlenmek» atly monografiýasyny çapa taýýarlady. Onuň pikiriçe, bu kitap kärdeşleriniň arasynda uly meşhurlyga eýe bolar.