Turkmenportal logo
Şu gün 10:00
15931593
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik senagatlaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, çäre medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň, döwletara ynsanperwer dialogyny giňeltmegiň, şeýle hem häzirki zaman halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde döredijilik senagatlaryny ilerletmegiň möhüm meselelerine bagyşlandy.

Maslahatyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyş etdiler.

Türkmenistanyň bilim ministri öz çykyşynda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, döwletara dialogy ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygyň häzirki zaman görnüşlerini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatyndan we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, medeniýeti halklary birleşdirýän, ynamy, özara düşünişmegi we hormaty pugtalandyrýan «altyn köpri» hökmünde garaýandygy nygtaldy.