Turkmenportal logo
18.06.26
86448644
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Astanada geçirilen GDA-nyň Dolandyryş merkezleriniň başlyklarynyň komitetiniň mejlisine gatnaşdy

Astanada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Ýaragly Güýçleriniň Dolandyryş merkezleriniň başlyklarynyň komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Belarus Respublikasynyň Goranmak ministrliginiň habar bermegine görä, bu forumyň işine Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň wekilçilikli topary hem gatnaşdy.

Mejlisiň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Gazagystanyň paýtagtyndaky «Watan goragçylaryna» bagyşlanan ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Mejlise türkmen tarapy bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baş dolandyryş merkezleriniň wekilçilikli toparlary hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar harby-syýasy ýagdaýlar, sebit we Ýewraziýa howpsuzlygy, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde harby hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar.