Turkmenportal logo
Şu gün 10:15
19171917
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 20-21-nji iýunda geçiriljek medeni çäreleriň syny

Şu dynç günlerinde Aşgabat şäherinde dürli öwüşginli medeni çäreler geçiriler. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary bu gyzykly wakalary sypdyrmaly däldirler.

Ýatladyp geçsek, 20-nji iýunda sagat 18:00-da «Art-bazar» galereýasynda «Neo-poeziýa» atly interaktiw sergi açylar. Sergi görnükli türkmen ýazyjysy Hemra Şirowyň täsin döredijilik işleri bilen tanyşdyrar.

20-nji we 21-nji iýunda sagat 19:00-da Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň dirižýor Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda «Disney & Pixar» atly konsertleri geçiriler.

21-nji iýunda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Fransuz institutynda «Pikirler gijesi» atly interaktiw çäre guralar. Onuň çäklerinde ýaş höwesjeň zehinler öz çykyşlaryny görkezerler.

23-nji iýuna çenli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen topragyna syýahat» atly fotosergi açyk bolar.