Türkmenistanyň «El Darak» haly kompaniýasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen bilelikde rus şahyry Aleksandr Puşkiniň eserleriniň esasynda elde dokalan haly döretdi. Ölçegi 2x1,5 metr bolan haly Aşgabatda Russiýanyň güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde tanyşdyryldy.
Halyda Lukomorýe, Altyn Horazjyk, «Patyşa Soltan hakynda erteki» eseriniň gahrymanlary we şahyryň beýleki eserlerinden alnan keşpler şekillendirilipdir.
«Bu diňe bir amaly-haşam sungatynyň eseri däl-de, eýsem medeni diplomatiýanyň özboluşly nusgasy hem-de rus medeniýetine bildirilýän çuňňur hormatyň beýanydyr. Rus edebiýatynyň däpleri bilen türkmen halyçylyk sungatynyň köp asyrlyk mirasy bir eserde birleşip, medeniýetleriň özara dialogy üçin giňişlik döretdi» — diýip, «El Darak» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ogulgerek Durdyýewa aýtdy.
«El Darak»kompaniýasy elde dokalan halylary öndürmek bilen meşgullanýar we Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen bilelikde gadymy haly dokalyş tehnologiýalaryny dikeltmek boýunça işleri alyp barýar. 2019-njy ýylyň dekabrynda türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.