Turkmenportal logo
Şu gün 15:22
14891489
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Günorta Kawkazdaky howpsuzlyk boýunça Şuşada geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen «Ählumumy howpsuzlyga sebit goşandy: Günorta Kawkazda parahatçylygy gurmak» atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Forum «Ýeni Azerbaýjan» partiýasy tarapyndan guralyp, Azerbaýjan, Türkiýe, Özbegistan, Täjigistan, Hytaý, Pakistan, Belarus we beýleki döwletleriň syýasy toparlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň hem-de partiýa düzümleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etmek bilen, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy, özara ynanyşmagy we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň Azerbaýjanyň Günorta Kawkazy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwürmek boýunça alyp barýan tagallalary bilen sazlaşýandygyny belledi. Diplomat öz çykyşynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň, döwletleriň özygtyýarlygyna we çäk bitewiligine hormat goýulmagynyň, şeýle hem halklaryň kanuny bähbitleriniň nazara alynmagynyň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi.

Maslahatyň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistan Günorta Kawkazdaky howpsuzlyk boýunça Şuşada geçirilen maslahata gatnaşdy | Turkmenportal.com