Turkmenportal logo
Şu gün 11:44
22052205
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan CTBTO bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

Türkmenistanyň wekiliýeti 15 — 17-nji iýunda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşda Türkmenistan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem Şertnamanyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygy we Türkmenistanyň oňa goşulmagynyň 30 ýyllygy aýratyn bellenildi.

Çykyşda Türkmenistanyň CTBTO bilen işjeň hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara gözegçilik ulgamynyň PS44 «Alibek» seýsmiki stansiýasynyň işleýşi hem-de gözegçilik we barlag ulgamlary boýunça milli mümkinçilikleri pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn nygtaldy.

Saparyň dowamynda milli maglumat merkezleri üçin sebit okuw maslahaty hem-de sebit ýaşlarynyň arasynda parahatçylyk, howpsuzlyk we ýadro ýaragsyzlanmagy meseleleri boýunça pikir alyşmagy ösdürmäge gönükdirilen Ýaşlar forumy geçirildi.

Türkmenistan mundan beýläk hem CTBTO bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem ählumumy barlag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi