Turkmenportal logo
Şu gün 10:38
25042504
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda gaz pudagynyň iň oňat işgärleri sarpalandy

Türkmenistanyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümine girýän edara-kärhanalaryň işgärler bölümleriniň ýolbaşçylarynyň we jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda usuly maslahat geçirildi. Bu barada ussatnews.com habar berýär.

Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagyny ösdürmäge goşan uly goşandy, halal zähmeti we ýokary hünär ussatlygy bilen tapawutlanan işgärleri sarpalamak dabarasy boldy. Olara «Türkmengaz» konserniniň Hormat hatlary gowşuryldy.

Maslahat işgärler bölüminiň gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, iş ýörediş ulgamyna sanly ulgamlary netijeli ornaşdyrmak, işgärleriň zähmet hukuklaryny goramak çärelerini güýçlendirmek, resminamalary talaba laýyk ýöretmek, şeýle hem halypa-şägirtlik ýörelgesini ösdürmek maksady bilen guraldy.

Çärede işgärler bölümleriniň ýaş hünärmenleriň uýgunlaşmagy, ýaş alymlaryň ylmy işlerini ösdürmegi, olaryň halypalar bilen özara gatnaşygy, şeýle hem işgärler ätiýaçlygyny kemala getirmek we geljegi uly işgärleri ýüze çykarmak meselelerine yzygiderli üns bermelidigi bellenildi.