Turkmenportal logo
Şu gün 10:18
45824582
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi halkara hekaýa bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär

Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli bu birleşik tarapyndan yglan edilen VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly hekaýa bäsleşigine öň metbugatda çap edilmedik, döredijilik bäsleşiklerinde baýrak almadyk hekaýalar kabul edilýär. Hekaýalar erkin temalarda ýazylyp bilner.

Bäsleşige ýazyjylar iki sany aýry temalarda ýazan hekaýalary bilen gatnaşyp bilerler.

Hekaýalar kompýuterde 12-lik şriftde ýazylyp, her eser azyndan 1 müň we iň köp bolan ýagdaýynda 7 müň 500 sözden ybarat bolmalydyr hem-de hekaýanyň başynda ýazyjynyň edebi lakamy görkezilmelidir.

Hekaýa özboluşly äheňde ýazylan bolmaly. Özboluşly äheňde ýazylmadyk (meselem, emeli aňyň ulanylmagy bilen ýazylan eserler) bäsleşige kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň hekaýalaryny (çap edilen we elektron görnüşinde), şeýle hem beýleki degişli resminamalaryny (pasportynyň nusgasyny, terjimehalyny, edebi lakamyny, fotosuratyny, ýaşaýan salgysyny, işleýän, okaýan ýerini, telefon belgisini) 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň sanly-medeniyet@sanly.tm elektron salgysyna ibermeli.

Bäsleşige hödürlenen we tapawutlanan hekaýalar seljerilenden soň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) üsti bilen guramaçylar toparyna iberiler.  

Bäsleşige hödürlenen hekaýalar yzyna gaýtarylyp berilmeýär.  

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara şu aşakdaky baýraklar gowşurylýar:  

  • Birinji orun: 45 000 türk lirasy  

  • Ikinji orun: 25 000 türk lirasy  

  • Üçünji orun: 15 000 türk lirasy  

  • Höweslendiriş baýragy: 10 000 türk lirasy

Bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda yglan edilýär we 2026-njy ýylyň 8-nji dekabrynda baýraklary gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi halkara hekaýa bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär | Turkmenportal.com