Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çeper döredijiligiň milli tejribesi» diýen at bilen döredijilik duşuşygy guraldy hem-de onuň dowamynda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halk senetçiliginiň ussalaryna şahadatnamalaryň gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, döredijilik duşuşygy Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Milli amaly-haşam sungatynyň köpdürli gymmatlyklaryny şöhlelendirýän sergi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Bu ýerde türkmen saz gurallary, gelin-gyzlaryň milli şaý-sepleridir lybaslary hem görkezildi.
Çäräniň dowamynda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halk senetçiliginiň ussalarynyň 12-sine, degişlilikde Aşgabatdan, şeýle hem ýurduň welaýatlarynyň hersinden 2 ussa şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.