Turkmenportal logo
Şu gün 12:51
27362736
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Soçide «Ýewraziýa-Kinofest» halkara kinofestiwaly öz işine başlady

Soçi şäherinde üçünji «Ýewraziýa-Kinofest» halkara kinofestiwaly açyldy. Forum 19-njy iýuna çenli dowam edip, şäheriň iki meýdançasynda — Frunze adyndaky seýilgähiň Tomusky teatrynda we «Žemçužina» Grand-otelinde geçiriler.

Festiwala dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 700-den hem köp kino işgärleri gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Hindistanyň hem-de birnäçe Ýewropa döwletleriniň wekilleri bar.

Festiwalyň maksatnamasy medeniýeti, taryhy hakykaty, milli mirasy we häzirki döwrüň gahrymanynyň keşbini wagyz etmäge gönükdirilendir. Tomaşaçylara 100-den gowrak film hödürlener. Olaryň hatarynda bäsleşik we bäsleşikden daşary filmler, premýeralar hem-de retrospektiw görkezilişler bar. Bäsleşigiň maksatnamasy 20 ugur boýunça geçirilýär.

Forumyň çäklerinde Kino blogerleriniň halkara maslahaty we Ýewraziýanyň Ýaş kino işgärleri assosiasiýasy tarapyndan guralýan «Ýeňiş 9/45» kino barlaghanasy hem geçiriler. Soçiniň ýaşaýjylary we myhmanlary festiwalyň resmi web sahypasynda hasaba durup, filmleriň görkezilişlerine mugt gatnaşyp bilerler.

«Ýewraziýa-Kinofest» 2024-nji ýyldan bäri geçirilýär. Forumyň guramaçysy «Ýewraziýa» özbaşdak täjirçilik däl guramasydyr.

Soçide «Ýewraziýa-Kinofest» halkara kinofestiwaly öz işine başlady | Turkmenportal.com