Turkmenportal logo
15.06.26
92319231
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp 80 ýaşady
Surat: mir24.tv

Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp düýn – 14-nji iýunda 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dünýä liderlerinden gutlaglary kabul etdi. Ýaşyna garamazdan, ol öňküsi ýaly erjel we güýçli, üstesine, töweregindäkiler üçin düşnüksiz, sebäbi ol adaty syýasatçylardan däl diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.

Donald Tramp özüni Ýer ýüzündäki baş parahatçylyk dörediji adam hasaplaýar. Ol häzir 80 ýaş toýunda-da tutuş dünýäde parahatçylygy sowgat almak isledi. Dogry, ol ýygnaklarda käte irkilýär, emma söýgüli golf oýnuny oýnamagy welin bes etmeýär. Gününi irden kardioaspirin içmek bilen başlaýar. Sebäbi onuň gany suwuk. Ol soňky gezek teleýaýlyma interwýu berýärkä, turdy-da ötägitdi. Syýasatçylar beýle etmeýärler. Tramp welin, aslynda syýasatçy hem däl. Ol islendik gepleşigi geleşige öwürmegi başarýar. Sebäbi ol telekeçi ýaly pikirlenýär. Şeýle terbiýe alan. Ilkinji 100 dollaryny ejesinden karz alyp, Nýu-Ýorkdaky garyp külbäni satyn aldy, abatlady-da satyp girdeji gazandy. Soňra bolsa gurluşyk imperiýasyny döretdi. Emma onuň esasy maýasy – köpçüligiň ünsünde bolmak. Haçanda ol barada gürrüň edýärkäler, ony ýatdan çykarmaýarlar. Tramp islendik ýerde peýda bolmagyny şowhuna öwürýär.

Emma her niçigem bolsa, Tramp Prezident bolmaga mynasyp, sebäbi ol azy ýaran goja nesliň wekili.

«Gazeta.ru» bolsa, Tramp barada şeýle gürrüň berýär:

Donald Jon Tramp 1946-njy ýylyň 14-nji iýunynda Nýu-Ýorkda gurluşyk deweloperi Frederik Trampyň üç ogully we iki gyzly maşgalasynda dünýä indi.

Mekdebi tamamlandan soňra Donald Pensilwaniýa uniwersitetiniň Uorton maliýe mekdebinde işewürligi okady, ykdysadyýet bakalawry derejesi bilen tamamlady.

1970-nji ýyllaryň başynda Tramp häzirki Mahetteniň gurluşygyna işjeň gatnaşdy. Gurluşyk konglemeratyna ýolbaşçylyk etdi we onuň adyny otelleri, humarly oýunlar ýerlerini we golf meýdançalaryny gurýan hem-de eýeçilik edýän «Trump Organization» diýip üýtgetdi.

Milliarder kinoda kiçeňräk keşplerde-de surata düşdi («Ýeke özi öýde 2», «Nusgalyk erkek») we «Älem gözeli» bäsleşiginiň eýeleriniň biri boldy.

2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda Pensilwaniýada täze möhlete saýlanmagyna goldaw ýygnanyşygy wagty onuň janyna kast etmäge synanyşyk boldy. Milliarder gulagyndan ýaralandy. Oňa ok atan saklandy.

Tramp üç gezek öýlendi,1977-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli Iwanka Tramp,  1993-den 1999-a çenli Marlo Meýplz bilen nikada boldy. 2005-nji ýyldan bäri ol Melani Tramp bilen nikada. Syýasatçynyň dürli nikalaryndan iki gyzy we üç ogly bar.