Türkmenistanly mekdep okuwçylary «Ýatlama otlusy» atly medeni-bilim taslamasyna gatnaşarlar. Bu barada RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkiniň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda bellenilýär.
«Türkmen dostlaryma «Ýatlama otlusy» medeni-bilim taslamasyny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Tiz wagtdan 18 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň çagalary Beýik Watançylyk urşy döwrüniň geçen ýerleri boýunça iki hepdelik ýatdan çykmajak syýahata ugrarlar. Bu syýahat adamzat taryhyndaky iň elhenç urşuň başlanmagynyň 85 ýyllygynyň öňüsyrasynda başlar. Biziň üçin gam-gussaly seneleri-de, bilelikdäki buýsançly pursatlary-da egne-ege berip garşylamagymyz aýratyn gymmatlydyr. Muňa mysal edip, Ý.A.Gagariniň kosmosa uçmagynyň 65 ýyllygyny görkezmek bolar» diýip, diplomat belleýär.
«Ýatlama otlusy» taslamasy 2021-nji ýylda Russiýanyň we Belarussiýanyň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň ýolbaşçylary Walentina Matwiýenko we Natalýa Koçanowa tarapyndan öňe sürüldi.
Ilçiniň belleýşi ýaly, bu taslama Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ata-babalarymyzyň taryhy ýatlamasyna hem-de gahrymançylykly edermenliklerine bolan sarpaly garaýşy kemala getirmäge, ýaşlaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge, şeýle hem birek-biregiň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmaga gönükdirilendir.
Şu ýyl taslamanyň ugry Belarus Respublikasynyň 8 şäherini we Russiýa Federasiýasynyň 5 şäherini öz içine alar. Gatnaşyjylaryň düzümi ýokary synp okuwçylaryndan, ýagny 10-njy synpyň okuwçylaryndan ybaratdyr.