Turkmenportal logo
Şu gün 16:46
72907290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Wokzal» soňky duralganyň ýerleşýän ýeri üýtgedi

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy şäheriň içinde hereket edýän «Yutong» kysymly awtobuslar üçin niýetlenen «Wokzal» soňky duralganyň ýerleşýän ýeriniň üýtgedilendigini habar berdi. Täze duralga öňki duralganyň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär we 8-nji iýundan başlap ulanyşa girizildi.

Täzelenen soňky duralgadan №20, №33 we №37 belgili şäheriçi awtobus ugurlary gatnaw edýär. Bu ýerde ýolagçylar üçin has amatly we döwrebap şertler döredildi.

Şäheriçi ugurlardan başga-da, täze soňky duralgadan Awaza, Arçman, Mollagara, Türkmenbaşy we Hazar ugurlary boýunça şäherara awtobus gatnawlary hem amala aşyrylýar.