Turkmenportal logo
Şu gün 13:43
32513251
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Audi Q7 awtoulagynyň täze nesline ýola şöhlelendirýän öwrüm görkezijileri ornaşdyryldy

Audi kompaniýasy Q7 krossoweriniň üçünji neslini tanyşdyrdy. Täzelenen modeliň üns çekiji aýratynlyklarynyň biri hem kämilleşdirilen öwrüm görkezijileridir. Olar gije mahaly duýduryş yşaratyny göni ýol örtügine şöhlelendirýär, bu bolsa beýleki ýol hereketine gatnaşyjylar üçin onuň has gowy görünmegini üpjün edýär.

Mundan başga-da, awtoulag täzelenen daşky görnüşe, doly sanly gurallar paneline we multimediýa ulgamyna eýe boldy. Sürüjä kömek edýän ulgamlaryň sanawyna «awtoduralgada durmagy öwretmek» funksiýasy hem goşuldy. Ulgam bäş sany hereketi ýatda saklap, geljekde olary awtomatiki görnüşde ýerine ýetirip bilýär.

ABŞ-nyň bazary üçin niýetlenen Q7 kysymynyň başlangyç görnüşi iki turbina bilen enjamlaşdyrylar, ol kuwwaty 429 at güýjüne deň bolan 2,9 litrlik benzinli V6 hereketlendirijisi bilen üpjün ediler. Beýik Britaniýanyň alyjylaryna bolsa kuwwaty takmynan 295 at güýjüne deň bolan 3 litrlik turbodiesel V6 hereketlendirijili görnüş hödürlener.

Audi Q7 kysymynyň täze nesiliniň satuwy 2026-njy ýylyň iýul aýynda başlanar. Häzirlikçe öndüriji tarapyndan onuň bahalary mälim edilmedi.