Turkmenportal logo
Düýn 17:18
75467546
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sara Rojers: ABŞ-nyň kompaniýalary emeli aň ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Amerikan tehnologiýa kompaniýalary emeli aň (EA) ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrlar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers žurnalistler üçin geçirilen brifingde mälim etdi.

«Amerikan tehnologiýa kompaniýalary hyzmatdaşlyk etmäge we gurmaga uly gyzyklanma bildirýärler, şeýle hem ABŞ-nyň iri maýadarlary emeli aňa geljek hökmünde garaýarlar» diýip, ol belledi.

Onuň aýtmagyna görä, emeli aň we maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler baradaky mesele Merkezi Aziýa amala aşyran saparynyň dowamyndaky duşuşyklaryň, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň her birinde ýokary wezipeli ministrler bilen geçirilen gepleşikleriň tas ählisinde diýen ýaly gozgaldy.

S.Rojers emeli aň tehnologiýasynyň iş alyp barmak çemeleşmelerini we bilim ulgamyny düýpli özgertmäge ukyplydygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugra bolan gyzyklanmasyna kanagatlanma bildirdi.

S.Rojersiň Türkmenistana sapary Hindistan, Nepal we Özbegistan ýaly ýurtlary hem öz içine alýan sebitleýin saparyň çäginde amala aşyrylýar. Bu sapar söwda diplomatiýasyny ösdürmäge, medeni mirasy gorap saklamaga, şeýle-de sanly mümkinçilikleri we innowasiýalary öňe sürmäge gönükdirilendir.