Turkmenportal logo
Şu gün 13:32
18191819
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilatynyň 6 göterimi emeli aňdan peýdalanýar

«OpenAI» kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň 6 göterimden gowragy emeli aňdan peýdalanýar. Kompaniýanyň paýlaşan hasabatynda 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde ýurduň ilatynyň 6,1 göteriminiň emeli aňdan peýdalanandygy bellenilýär.

Hasabatda bu görkezijiniň Gazagystanda 15,9 göterime, Gyrgyz Respublikasynda 9,5 göterime, Özbegistanda 7,2 göterime, Täjigistanda 6,1 göterime deňdigi nygtalýar. Dünýä derejesinde bolsa bu görkeziji ortaça 17,8 göterime barabar.