Turkmenportal logo
Şu gün 12:17
45614561
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Halkara ýoga gününiň 12-nji gezek baýram edilmegine bagyşlanan çäreler başlandy

Türkmenistanyň şypahana şäheri Awazada 2026-njy ýylyň Halkara ýoga gününiň 12-nji gezek baýram edilmeginiň çäklerinde giriş çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Ilçi öz çykyşynda Halkara ýoga gününiň her ýyl 21-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilip geçilýändigini aýtdy. Hindistanyň hökümetiniň Aýurweda ministrligi tarapyndan 2026-njy ýyl üçin tassyklanan resmi şygar «Sagdyn garramak üçin ýoga» diýlip kesgitlenildi. Diplomatyň bellemegine görä, ýoga diňe bir adamyň beden saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga hem goşant goşýar.

Bandaru Wilsonbabu 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 21-nji iýuny Halkara ýoga güni diýip yglan edendigini ýatlatdy. Şeýlelikde, ýoganyň adamlaryň saglygyna we abadançylygyna ýetirýän toplumlaýyn täsiri halkara derejede ykrar edildi. Şondan bäri bu sene dürli ýaşdaky ýüzlerçe million adam tarapyndan ähli yklymlarda bellenilip gelinýär.

Ilçi çykyşynyň dowamynda 2015-nji ýylyň iýul aýynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda açylan Ýoga we däp bolan lukmançylyk merkeziniň ähmiýetini aýratyn nygtady. Onuň sözlerine görä, merkez döredilen gününden bäri hindi-türkmen hyzmatdaşlygynyň hem-de iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklarynyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy her ýyl türkmen tarapy bilen bilelikde köpçülikleýin ýoga çärelerini geçirýär, şeýle hem ýerli mugallymlaryň gatnaşmagynda merkezde yzygiderli okuw-türgenleşik sapaklaryny guraýar. Diplomat Türkmenistanyň Hökümetine merkeziň işine hemişelik goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi.

Türkmenistanda Halkara ýoga gününiň 12-nji gezek baýram edilmegine bagyşlanan çäreler başlandy | Turkmenportal.com