Turkmenportal logo
Düýn 13:00
50585058
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aýdyň gijeler» Eswatiniň raýatlary üçin 500 müň biometrik pasport öndürer

«Aýdyň gijeler» türkmen kompaniýasy Eswatini Patyşalygynyň raýatlary üçin milli identifikasiýa kartlaryny (ID-kartlaryny) we biometrik pasportlaryny öndürmek boýunça giň gerimli taslamany amala aşyrýar. Bu barada kompaniýanyň şahamçasynyň direktory Çary Myradow «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda habar berdi.

«2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Eswatini Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň çakylygy bilen «Aýdyň gijeler» kompaniýasynyň wekilçiligi Mbabane şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Biz ýerli bazaryň isleglerini jikme-jik öwrendik we eswatini tarapy bilen bilelikde oňyn hyzmatdaşlyk üçin esasy ugurlary kesgitledik. Şonda eýýäm patyşalygyň öz raýatlary üçin milli identifikasiýa kartlarynyň we biometrik pasportlarynyň üpjünçiligini guramaga gyzyklanma bildirýändigi aýdyň boldy. Bu şeýle hem biziň Patyşalygyň çäginde milli identifikasiýa kartlarynyň we biometrik pasportlarynyň önümçiligine maýa goýmaga taýýardygymyzy görkezdi» diýlip, habarda aýdylýar.

Onuň sözlerine görä, gürrüň 1,5 million sany milli identifikasiýa kartyny we 500 müňden gowrak biometrik pasporty taýýarlamak hem-de ibermek barada barýar.

«Taslama aýratyn üns berilýändiginiň nyşany hökmünde, Patyşalygyň hut öz çäginde önümçilik kuwwatlyklaryny guramak üçin «Aýdyň gijeler» kompaniýasyna 4 gektar meýdanly ýer bölegi bölünip berler. Bu bolsa diňe bir taslamany amala aşyrmak işini çaltlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem täze iş orunlaryny döretmäge we ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer» diýip, Myradow sözüniň üstüni ýetirdi.

«Aýdyň gijeler» kompaniýasy 2016-njy ýylda döredilip, Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly kärhanalarynyň biridir. Kompaniýanyň 10 sany önümçilik meýdançasynda elektrotehniki we elektron önümleriň 30-dan gowrak görnüşi — bank we SIM-kartlardan başlap, swetoforlara, kabellere we hasaplama enjamlaryna çenli öndürilýär.