«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaýa we Abu-Dabä (Birleşen Arap Emirlikleri) amala aşyrylýan yzygiderli howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilen töwekgelçilik seljermesiniň netijelerine laýyklykda, Aşgabat – Dubaý – Aşgabat we Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyna çenli ýerine ýetirilmez.
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylaryna iki mümkinçilik hödürlenýär: ýol biletiniň bahasyny hiç hili tutulma bolmazdan doly yzyna almak ýa-da uçuş senesini iň ýakyn amatly günlere mugt geçirmek. Munuň üçin raýatlar bileti satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň resmi wekilhanalaryna ýüz tutup bilerler.
Metbugat gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, awiakompaniýanyň resmi internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşde satyn alnan biletleriň tölegi awtomatiki usulda töleg geçirilen bank kartlaryna yzyna geçiriler.
Mundan ozal hem sebitdäki ýagdaý bilen baglylykda awiakompaniýa bu ugurlar boýunça uçuş tertibine üýtgetmeler girizipdi. Ýolagçylara gatnawlaryň ýagdaýy baradaky iň soňky maglumatlary kompaniýanyň resmi internet sahypasyndan yzarlamaklyk maslahat berilýär.