Braziliýada bir maşgala özüni 12 ýaşly gyzjagaz diýip ynandyran zenany bir ýyldanam kän wagtlap terbiýeledi. Kezzaplygyň üsti polisiýa ara goşulandan soňra açyldy, görlüp oturylsa, öweý gyzyň hakyky ýaşy 37 ekeni diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» gürrüň berýär.
Waka ýurduň Žoinwil şäherinde boldy. Bir ýaş zenan ýerli kilisäniň ýanynda çokunmaga gelen takwa kişilere özüni Gabrieledigini, ene-atasynyň ýowuz daraşýandygy üçin öýlerinden gaçyp gelendigini aýdyp nalyş edýärdi. Sada şäherliler zenana ynandylar, maşgalalaryň birisi bolsa ony hossarlyga almak kararyna geldi.
Derňew işleri netijesinde aldawçy zenanyň täze maşgalada 14 aý ýaşandygy anyklandy. Onuň öweý ene-atasy çaga terbiýeleýändiklerine diýseň ynanýan ekeni, hatda olar öweý gyzlarynyň 12 ýaşyny hem belläpdirler. «Gyzlary» özüniň ýaşyndan uly görünmeginiň sebäbi baradaky sowallara çagaka başdan geçiren sökellikleri bilen baglanyşdyryp jogap beripdir. Ol hatda täze ene-atasyny şübhä goýmazlyk üçin çaga çüýşejiklerini ulanypdyr, özlerini mekdebe ibermezliklerini haýyş edip, muny «Kakam meni gözleýär, ondan gorkýaryn» diýip, bahana edinipdir. Onuň aldawçydygyny maşgalanyň golaý adamlarynyň biri polisiýa ýüz tutandan soňra açypdyrlar. Derňewçiler gyzyň öňem telim gezek ýurduň beýleki sebitlerinde-de şeýle hokgalary goparandygyny anyklapdyrlar.
Zenan häzir tussaglykda. Oňa kezzaplykda hem-de resminamalary galplaşdyrmakda aýyplama bildirildi.