Turkmenportal logo
Şu gün 12:02
30643064
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Düýn Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Bu barada «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron neşirinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, açylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň wekilleri, Russiýanyň medeni edaralarynyň jogapkär işgärleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary, iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet işgärleri, žurnalistler, talyplar we Russiýa Federasiýasynyň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Çärelere gatnaşmak üçin medeniýet işgärlerinden we sungat ussatlaryndan, şol sanda meşhur artistlerden, opera ýerine ýetirijilerinden, estrada aýdymçylaryndan, meşhur saz we tans toparlaryndan, şeýle hem KHBS-iň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherine bardy.

Teatryň eýwanynda milli medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň ajaýyp baýramçylygyna gatnaşýan myhmanlara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky türkmen halkynyň taryhyny we çeperçilik mirasyny açyp görkezýän milli şaý-sepleriň, muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň özboluşly eserleri ýerleşdirilen diwarlyklardyr sergi tekjeleri görkezildi. Çeper bezegli milli zenan lybaslary, türkmen şaý-sepleri, el keşdeleriniň we haly önümleriniň nusgalary serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.

Dabarada çykyş edenler şeýle duşuşyklaryň türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň asylly däplerine doly laýyk gelýändigi, dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi bilen ylalaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň iň täze taryhda öz sazlaşykly ösüşini tapýandygy bellenildi.

Türkmen sungat ussatlary tomaşaçylary halk döredijiliginiň, şeýle hem häzirki zaman nusgawy we estrada sungatynyň nusgalary bilen tanyşdyrdylar, milli wokal çykyşlaryny we tanslaryny görkezdiler, kirişli we üflenip çalynýan saz gurallarynyň asyl nusgalarynda halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Çäre ajaýyp waka öwrülip, köp sanly tomaşaçylada uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy iki ýurduň medeniýet işgärleriniň arasynda birnäçe duşuşyklaryň girilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de türkmen wekiliýeti üçin Russiýanyň paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp görmek boýunça giňişleýin maksatnama taýýarlanyldy.